- melul
- [melu:l]1) Näsag görnüşinde bolan, bir ýeri agyrmak zerarly keýpsiz bolan, tutuk adam.∙ Eger ýataýsaň hem, ysyň-kokuň derdinden melul bolýaň. («Tokmak» žurnaly)∙ Ol yssynyň derdinden melul bolan ukuly başyny galdyryp, garşysyndan çykan ýolagçylara seredýär. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)2) Göçme manyda Göwni çökgün, gaýgyly, harasatly, tukat.∙ Melul etdi ýaman habar, Oýamydy ýa-da düýşi?! (Çary Aşyr, Poemalar)∙ Görogly melul bolup durýardy. («Görogly» eposy)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.